Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan 1929-56-njy ýyllarda basylan 2,4 million adamyň 'jenaýat işlerini' gizlinlikden çykardy


Gazak oppozisiýasy repressiw çäreleriň bes edilmegini talap edýär.
Gazak oppozisiýasy repressiw çäreleriň bes edilmegini talap edýär.

Gazagystanyň Baş prokuraturasy 18-nji sentýabr güni giçlik beýanat edip, Merkezi Aziýa döwletiniň ýolbaşçylarynyň 1929-1956-njy ýyllar aralygynda sowet häkimiýetleri tarapyndan syýasy sebäpler esasynda repressiýa edilen şahsyýetleriň 2,4 million işiniň resminamalaryny gizlinlik ýagdaýyndan çykarandygyny, ýagny olary jemgyýetçilik üçin açandygyny aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, aýan edilen, gizlinlik ýagdaýyndan çykarylan işlerde 1940-njy ýyllarda Sowet Soýuzynyň beýleki ýerlerinden deportasiýa edilen 516,000 adama degişli resminamalar bar, ol adamlaryň 311,000-si eýýäm aklanan şahslar bolup durýar.

Gazagystanda geçmişdäki syýasy repressiýalaryň pidalaryny aklamak baradaky Döwlet komissiýasy 2020-nji ýylda döredildi. Hukuk toparlary häzir döwrebap döwlet hasaplanylýan Gazagystanda hem syýasy repressiýalaryň dowam etdirilýändigini duýdurýarlar, emma gazak resmileri bu aýdylýanlary ret edýärler.

XS
SM
MD
LG