BMG-niň Gazadaky gumanitar utgaşdyryjysy 2-nji iýulda bu sebitde ýaşan adamlaryň häzir 1,9 millionynyň başga ýerlere göçürilendigini we Han Ýunus üçin berlen täze ewakuasiýa buýruklary baradaky habarlardan özüniö “düýpli alada” galýandygyny aýtdy.
Birleşen milletler guramasynyň hasaplamalaryna görä, ysraýyl harbylarynyň Han Ýunusyň, ikinji şäheriň golaýyndaky Al-Karara, Bani Suhaila we beýleki sebitleriň parahat adamlarynyň ýaşaýan ýerlerini terk etmegi barada beren buýrugy 250,000 töweregi adama täsir edýär.
"Alaçsyz gaçybatalga, howpsuz ýer gözleýän 1 milliondan gowrak adam ýene bir gezek başga ýere göçürildi we, indi Gaza zolagy boýunça 1,9 million adam ýaşaýan ýerinden bosgun boldy" diýip, Sigrid Kaag BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine aýtdy.