Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gallaçy daýhanlar özleriniň kärende ýerleriniň esassyz ellerinden alynýandygyny aýdýarlar


Illýustrasiaý suraty. Mary welaýatynda kärende ýerleri ellerinden alnan daýhanlar arz-şikaýatlarynyň diňlenilmeýändigini aýdýarlar.
Illýustrasiaý suraty. Mary welaýatynda kärende ýerleri ellerinden alnan daýhanlar arz-şikaýatlarynyň diňlenilmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk çäreleri dowam edýän mahaly, Mary welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe gallaçy daýhan özleriniň kärende ýerleriniň esassyz ellerinden alynýandygyny aýdýarlar.

“Biziň ekerançylyk ýerlerimizi elimizden alyp, telekeçilere berýärler” diýip, üç ýyl ozal döwlet bilen şertnama baglaşan bir gallaçy daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

“Biz ekerançylyk bilen güzeran aýlaýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Günorta-gündogar sebitde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan gallaçy kärendeçiler ekerançylyk ýerleri ellerinden alynýan daýhanlaryň arasynda öňki ýyllarda “suw ýetmezçiligi bilen bagly häkimiýetlere şikaýat bildiren” hojalyklaryň hem bolandygyny aýdýarlar.

Olaryň hatarynda bir kärendeçi 2021-nji ýylda hökümet bilen 10 ýyl möhlete şertnama baglaşyp, birnäçe gektarlyk ekerançylyk meýdanyny kärendesine alypdyr. Ol bu ýerlerde bugdaý ösdürip ýetişdirýän ekeni. Şertnama laýyklykda, daýhan 2031-nji ýyla çenli bu ýerlerden peýdalanyp bilýär.

“Ýöne şertnamanyň baglaşylan senesinden entek ýaňy bir üç ýylyň geçendigine, ýene-de ýedi ýylyň galandygyna garamazdan, ekerançylyk meýdanyny elimizden alýarlar” diýip, gallaçy kärendeçi aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda daýhanlar döwletden kärendesine alan ekerançylyk meýdanlarynda şertnama esasynda döwlet tabşyrygyna girýän gowaça, bugdaý ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirýärler we ýygnalan hasyly döwlete satmak bilen borçlanýarlar. Döwlet, öz gezeginde, daýhanlary ýeňillikli mineral dökünleri we oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün etmäge borçlanýar.

Mary welaýatynda ekerançylyk ýerleri ellerinden alynýan kärendeçi daýhanlar özleriniň ýerli häkimiýetlere, umuman hiç bir döwlet edarasyna arz-şikaýat bildirip, ýüz tutup bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Garşylyk bildiren daýhanlar ýerli häkimlikleriň işgärleriniň, oba başlyklarynyň, arçynlaryň we polisiýa işgärleriniň haýbatlaryna sezewar bolýarlar.

“Habaryň bolsun, mundan beýläk seniň kärende ýeriň ýokdur! Ekin meýdanynyň töwereginde görünäýme! Bu ýerleri seniň eliňden alyp, telekeçilere para bilen satdyk” diýip, gönüläp aýdýarlar we haýbat atýarlar. Häkimiýetler şeýle diýip bilýän bolsa, indi nämä garaşmaly?” diýip, maryly daýhan aýdýar.

Ol özüniň ata-babalarynyň ekerançylyk bilen meşgullanyp, “gara ýerden gazanç edip”, güzeran aýlap gelendiklerini aýdýar.

“Biz bütin ömrümizi daýhançylyk bilen meşgullanyp geçirýäris” diýip, ýerli daýhan aýdýar.

Kärendeçiler arz-şikaýat bildirip, häkimiýetlere garşy çykýan daýhanlara polisiýa işgärleri tarapyndan haýbatlaryň atylýandygyny, olaryň ýerli polisiýa bölümlerinde “aç-suwsuz saklanyp, gorkuzylýandygyny” aýdýarlar.

Kärendesine alan birnäçe gektar meýdany elinden alnan ýerli daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen özara gürrüňdeşlikde özüniň ýer eýeçiligi bilen bagly resmi kagyzlarynyň, şol sanda tassyklaýjy kepilnamalarynyň hem-de şertnamasynyň güýjüniň ýokdugyny gürrüň berdi.

“Dürli ýollar bilen gorkuzyp, kärende ýerlerimizi bikanun ýagdaýda elimizden alýarlar” diýip, ýerli daýhan aýdýar.

Türkmenistanda 2018-nji ýylda kabul edilen oba hojalyk özgertmeleri ekerançylyk ýerleriniň uzak möhletli esasda kärendesine berilmegi bilen bagly düzgünleri gaýtadan kesgitledi. Şol bir wagtda, täze özgertmeler “düşewüntsiz” daýhan birleşikleriň ýerleriniň ellerinden alnyp, olaryň has girdejili işlejek önüm öndürijilere uzak möhletli esasda berilmegini hem düzgünleşdirdi.

Ýerli hünärmenler ýurtda amal edilýän oba hojalyk syýasatynyň daýhanlary höweslendirip bilmeýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, daýhanlaryň ýerleriniň esassyz ellerinden alynmagy ýaly ýagdaýlar ýerli häkimiýetleriň eden-etdiliginden habar berýär.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda gallaçy kärendeçileriň ýerleriň ellerinden alynmagy boýunça welaýat häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Döwlet mediasyna görä, şu günler Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görülýär, ýerleri gurplandyrmak işleri alnyp barylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG