Fransiýa Ukrainadaky urşy we Ýewropanyň howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikinji ýygnagyny geçirer we oňa şu hepde Parižde geçirilen adatdan daşary ýagdaý sammitine gatnaşmadyk ýewropa ýurtlaryny we Kanadany hem çagyrar.
Diplomatik çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, täze sammit 19-njy fewralda, Kanada, Norwegiýa, Estoniýa, Latwiýa, Litwa, Çehiýa, Gresiýa, Finlandiýa, Rumyniýa, Şwesiýa we Belgiýa ýaly ýurtlaryň hem gatnaşmagyna geçiriler.
Täze geçirilýän ýygnak we oňa goşmaça ýurtlaryň goşuljakdygy baradaky maglumat “Roýters” habar gullugy tarapyndan ilkinji gezek habar berleninden soň, bu maglumat Azatlyk Radiosy tarapyndan hem barlandy we tassyklandy.
17-nji fewralda Parižde geçirilen sammitde Ýewropa liderleri öz ýurtlarynyň Ukraina howpsuzlyk kepilliklerini bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler, ýöne bu hili kepillikleriň derejesiniň Waşingtonyň gatnaşmagynda bolup biljek töwerekleýin parahatçylyk ylalaşygyna esaslanjakdygyny duýdurdylar.
Şol bir wagtda, şindi hem köp lider Kiýewe berilýän goldawyň dowam etdiriljekdigini nygtady.