18-nji iýulda Ýewropa Parlamenti Ursula fon der Leýeni Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hökmünde ýene bäş ýyl möhlete saýlady.
“Ýene bäş ýyl. Men meni goldap ses beren kanunçykaryjylaryň maňa bildiren ynamyna nä derejede hoşaldygymy beýan edip bilmeýärin” diýip, ol sesleriň köplügini alandan soň, X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy.
Fon der Leýeniň saýlanmagyna 27 agzalyk bileleşigiň möhüm ugurlar boýunça, şol sanda Ukrainadaky uruş, klimatyň üýtgemegi we migrasiýa babatyndaky syýasatyny dowam etdirjekdigine kepil hökmünde garalýar.