Eýran 19-njy awgustda irden sekiz adamy jezalandyryp öldürdi diýip, adam hukuklary boýunça iki topar habar berdi.
Eýrandaky buluj azlyklarynyň hak-hukuklarynyň bozulmagyna gözegçilik edýän Haalwş toparynyň maglumatyna görä, merkezi Ýazd şäheriniň türmesinde üç buluj we iki owgan raýaty dardan asylypdyr. Muňa höküm edilenler adam öldürmek, bikanun neşe gaçakçylygy ýaly aýyplamalarda günäli tapylypdylar.
Düýbi Osloda ýerleşýän Eýran Adam Hukuklary topary, meňzeş aýyplamalar esasynda, günortadaky Şiraz şäheriniň türmesinde üç adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy. Topar şu ýylyň hasabyna Eýranda azyndan 376 adamyň ölüm höküminiň berjaý edilendigini belledi.