Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň täze prezidenti Yraga sapar edýär


Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan (ahriw suraty
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan (ahriw suraty

Eýranyň täze prezidenti Masud Pezeşkiýan, özüniň ilkinji daşary ýurt sapary hökmünde, goňşulykdaky Yraga bardy.

Pezeşkiýan, 11-nji sentýabrda başlanan üç günlük saparynyň dowamynda, Yragyň Kürdüstan sebitine hem sapar etjek Eýranyň ilkinji prezidenti bolar. Iýulyň aýagynda prezidentlik wezipesine girişen Pezeşkiýan kürtçäni suwara bilýär.

Tährandaky hökümet bilen Irbiliň häkimiýetleriniň arasynda, adatça, gowy gatnaşyklar bolsa-da; gadagan edilen oppozision eýranly kürt toparlarynyň Yragyň ýarym-awtonom regionynda ýerleşmegi, wagtal-wagtal dartgynlylyklary döretdi.

Golaýda Bagdad we Irbil, geçen ýyl Tähranyň hem gatnaşmagynda gelnen ylalaşyga laýyklykda, bu toparlary Eýranyň serhedinden daşky sebitlere geçirmek we olary ýaragsyzlandyrmak ugrunda tagalla edip başladylar.

XS
SM
MD
LG