Eýranyň reformalaryň tarapynda çykyş edýän prezidenti Masud Pezeşkiýan, 1979-njy ýylda Yslam respublikasy esaslandyraly bäri, ýurduň hökümetiniň ilkinji sünni agzasyny belledi. 26-njy awgustda giçlik berlen habara görä, Pezeşkiýan kanunçykaryjy Abdolkarim Hosseinzadehi özüniň oba ýerleriniň we oňaýsyz şertli sebitleriň orunbasary hökmünde belläpdir.
Pezeşkiýan beýanatynda Hosseinzadehi bu wezipä onuň “ygrarlylygy we baý tejribesi” üçin belländigini nygtady. Ol täze orunbasarynyň obalardaky we daşdaky sebitlerdäki ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bilen meşgullanjakdygyny hem mälim etdi.
44 ýaşly Hosseinzadeh 2012-nji ýyldan bäri Eýranyň mejlisinde demirgazyk-günbatardaky Nakadeh we Oşnawieh şäherlerine wekilçilik edýärdi.
Şaýy musulmanlarynyň agdyklyk edýän Eýranda sünniler ilatyň 5-10%-ni düzýärler. Bu barada döwlet edaralary mälim edýär. Sünniler 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan bäri juda seýrek ýagdaýlarda möhüm wezipelere bellenilipdi.