Eýranyň gündogaryndaky kömür käninde bolan partlamada azyndan 51 adam ölüp, 20 adam ýaralandy diýip, ýerli metbugat habar berdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesi paýtagt Tährandan 540 km günorta-gündogarda ýerleşýän Tabasdaky kände 21-nji sentýabrda bolan partlamanyň metan syzmagy netijesinde ýüze çykandygyny aýtdy.
24 magdançynyň aşakda, kömür käniniň içinde gabalyp galandygy aýdylýar. Partlama ýüze çykan mahaly ol ýerde 70 töweregi adam işleýän eken.