Eýranda has köp Tataloo lakamy bilen tanalýan, meşhur we jedelli repçi Mirhosseýn Maghsoudloo, dürli aýyplamalar esasynda, jemi hasapda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada 13-nji oktýabrda Eýranyň Adalat ulgamynyň sözçüsi mälim etdi.
Suduň metbugat wekili Asghar Jahangiriň sözlerine görä, aýdymçy mukaddesliklere şek ýetirmekde günäli tapylyp, bäş ýyl türme tussaglygyna; şeýle-de korrupsiýany we azgynçylygy öjükdirmek aýyplamalary esasynda ýene goşmaça 10 ýyl türmä höküm edilipdir.
Suduň kararynyň birdenkä ýa-da yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigi aýdyň däl.
Eýranda Tataloonyň prowokasion we Günbatar-mysallyndaky diýlip häsiýetlendirilýän döredijiligini alyp barmagyna resmi taýdan rugsat berilmeýär. Häkimiýetler onuň ýurduň Medeniýet ministrliginden degişli sertifikatlary almandygyny aýdýarlar.
Eýranda aşa-berk syýasatçylar konserwatiw yslam jemgyýetiniň standartlaryny bozmakda we ýaşlary ýoldan çykarmakda aýyplaýan aýdymçylaryny köplenç ýazgarýarlar.