Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýer yrandy, sarsgyn Aşgabatda hem duýuldy


Arhiwden, bezeg suraty.
Arhiwden, bezeg suraty.

Türkmenistan bilen Eýranyň serhet sebitinde 22-nji sentýabrda ýer yrandy, Azatlygyň ýerli habarçysy sarsgynyň Aşgabatda hem duýlandygyny habar berdi.

Bazar güni, günortandan soňra bolan ýer yranmasynyň 4,8 güýjünde bolandygy, sarsgynyň episentriniň Bojnurdan 32 km uzaklykda ýerleşýändigi aýdylýar.

Aşgabatdaky habarçymyz ýer yranmasynyň bazar güni agşamlyk hem dowam edendigini, sargynyň duýlandygyny habar berdi.

Ýer yranmalary barada habar berýän saýt sarsgynyň türkmen paýtagty Aşgabatda hem duýlan bolmagynyň ähtimaldygyny belläp, ýer yranmasynyň merkeziniň golaýyndaky oba-şäherlerde has güýçli sarsgynyň bolan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Şeýle-de, sarsgynyň ojagyndan 581 km uzaklykda ýerleşýän Tähranda ýer yranmasynyň duýulmandygy aýdylýar.

Türkmenistan ýer yranmasy, suw joşguny ýaly tebigy hadysalar barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG