Eýran “Yslam Döwleti-Horasan” toparynyň 14 agzasyny tussag etdi. Bu barada ýurduň Aňtaw ministrligi 23-nji awgustda mälim etdi.
“Yslam Döwleti” ekstremistiki toparyň Owganystandaky şahamçasynyň agzalarynyň haçan ele salynandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Maglumatda olaryň 14-siniň hem Eýrana bikanun geçendigi we “terroristiki operasiýalary amala aşyrmagy planlaşdyrandygy” bellenilýär.
Tussag edilenleriň ýedisi günortadaky Fars welaýatynda, galanlary hem demirgazykdaky Tähran we Albors sebitlerinde, şeýle-de günorta-günbatardaky Huzerestan welaýatynda saklandylar.
Ýanwarda “Yslam Döwleti-Horasan” topary Eýranyň günortasynda 95 adamyň ölümine sebäp bolan iki bombaly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.