Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran prezidentiň, daşary işler ministriniň jaýlanyş dabaralaryna başlaýar


Töwriz. Bas çäresine gatnaşýan adamlar
Töwriz. Bas çäresine gatnaşýan adamlar

Eýranda 21-nji maýda, ýokary derejeli lider Aýatolla Ali Hameneýiniň bäş günlük ýas çärelerini yglan etmeginiň arasynda, dikuçar heläkçiliginde aradan çykan prezident Ebrahim Raisini, daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahiany we beýlekileri jaýlamak üçin birnäçe jynaza çäresi geçirilýär.

Eýranyň demirgazyk-günbatarynda, 19-njy maýdaky uçar heläkçiliginiň bolan ýerinde, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň paýtagtynda wepat bolanlaryň hatyrasyny tutmaga gelen müňlerçe adam ýas çäresine gatnaşdy.

Döwlet eýeçilifindäki IRNA habar gullugy öňki twittered, X-de Raisiniň we Amir-Abdollahianonyň tabytlarynynyň ilkini suratlaryny ýerleşdirdi.

Eýran häkimiýetleri Raisi üçin ýene-de birnäçe ýas çäresini meýilleşdirildi. Kum şäherindäki ýas çäresi öýläne meýilleşdirilýär. Beýleki ýas dabaralary 22-nji we 23-nji maýda Tähranda, Birjandda geçiriler, Raisi mukaddes Maşat şäherindäki Ymam Reza gonamçylygynda jaýlanar diýip, eýran metbugaty habar berdi.

Hameneýi birinji wise-prezident Muhammad Mohberi wagtlaýyn prezident edip belledi. Eýran kanuny, eger-de prezident ölse, häkimiýetiň birinji wise-prezidente geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Birinji wise-prezident Mohammad Mohber (sagda)
Birinji wise-prezident Mohammad Mohber (sagda)

Raisiniň ornuna president saýlamak üçin 28-nji iýunda prezident saýlawynyň geçiriljekdigi yglan edildi. 50 gün içinde geçirilmeli saýlaw parlamentiň başlygyndan, kazyýet başlygyndan we birinji wise-prezidentden ybarat geňeş tarapyndan gurnalýar.

Ali Bakeri Kani, ýogalan daşary işler ministriniň orunbasary, ýerine ýetiriji daşary işler ministri wezipesine bellendi diýip, eýran mediasy habar berdi.

Iki ýurduň umumy serhedinde azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew bilen bilelikde bent açmak dabarasyna gatnaşan Raisiniň dikuçary yzyna, Töwrize gaýdyp barýarka aragatnaşykdan kesildi.

IRNA 2000-nji ýyllaryň başynda satyn alnan Bell 212 dikuçaryndaky sekiz adamyň ählisiniň ölendigini habar berdi. Döwlet eýeçiligindäki neşiriň maglumatyna görä, Raisiden we Amir-Abdollahiandan başga, dikuçar heläkçiliginde Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň häkimi we Töwriziň ýokary derejeli ruhanysy, Rewolýusiýa goragçylarynyň resmisi we üç ekipaž agzasy wepat boldy.

Eýranyň Krizis dolandyryş guramasynyň başlygy Muhammad Hasan Naminiň aýtmagyna görä, heläkçilige uçran dikuçardan tapylan jesetler erbet ýanan, ýöne tanamaz ýaly däl. Ol heläkçilikde ölenleriň şahsyýetini tassyklamak üçin DNK synaglarynyň zerur däldigini aýtdy.

Ol Gündogar Azerbaýjan welaýatynda Hameneýiniň wekili bolup işlän Aýatolla Muhammad Ali Al-e Haşemiň birbada aman galandygyny we ölmezinden öň bir sagat çemesi diri bolandygyny aýtdy.

Nami Al-e Haşimiň şol aralykda Raisiniň diwanynyň başlygy sekretary bilen telefon arkaly habarlaşandygyny aýtdy. Ol şundan başga jikme-jiklikleri aýan etmedi.

Daşary ýurt hökümetleri, şol sanda Türkmenistanyň ýolbaşçylary Eýranda bolan uçar heläkçiligi sebäpli gynanç we raýdaşlyk bildirdiler.

Eýranyň berk garşydaşy we 2019-njy ýylda, Eýranyň kazyýet işlerine ýolbaşçylyk eden wagtynda Raisä garşy maliýe sanksiýalary girizen Birleşen Ştatlar hem gynanç bildirdi.

"Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň, daşary işler ministri Amir-Abdollahianyň we beýleki wekiliýet agzalarynyň ölümine öz resmi gynanjyny bildirdi" diýip, Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

"Eýranyň täze prezidentini saýlaýan wagtynda biz Eýran halkyna we olaryň adam hukuklary we esasy azatlyklar ugrundaky göreşine goldaw berýändigimizi gaýtadan tassyklaýarys" diýip, beýanatda bellenýär.

Şol bir wagtda, Ýakyn Gündogardaky ekstremist toparlary goldamak bilen, “onuň eli gana bolýaldy” diýip, Ak tam Raisi barada has berk sözleri hem aýtdy.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça metbugat wekili Jon Kirbi žurnalistlere "gürrüňsiz, bu ellerini köp gana boýan adamdy" diýdi.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel "çyn ýürekden gynanç bildirdi" we "biziň pikirlerimiz maşgalalara gönükdirilýär" diýdi.

Aktiwistleriň käbiri ÝB-niň adam hukuklarynyň köpçülikleýin we gödek bozulmalaryna ýolbaşçylyk etmekde aýyplanýan lideriň gözleg, halas ediş işlerine kömek etmegini tankyt etdi.

Raisi 2021-nji ýylda prezident saýlandy we şondan soň, ahlak kanunlaryny ýerine ýetirmäge mejbur etmek we, hamala, başyny düzüwli örtmezlikde aýyplanyp saklanan Mahsa Amininiň tussagda ölmegi sebäpli gurnalan protestleri gazap bilen basyp ýatyrmak arkaly, eýranlylara garşy girizilen çäklendirmeleri güýçlendirdi.

Şeýle-de, ol dünýä döwletleri bilen geçirilýän ýadro gepleşiklerinde berk durup, şol bir wagtda-da ýurduň uran baýlaşdyrmak programmasyny görnetin güýçlendirmek mümkinçiligini döretdi.

Forum

XS
SM
MD
LG