Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran özüne garşy girizilen sanksiýalara 'proporsional' jogap berjekdigini aýdýar


Eýran Russiýany öz dronlary bilen üpjün edensoň, bir topar sanksiýalara sezewar boldy. Arhiw suraty.
Eýran Russiýany öz dronlary bilen üpjün edensoň, bir topar sanksiýalara sezewar boldy. Arhiw suraty.

Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Tähran bilen howa hyzmatlary şertnamalaryny ýatyryp, onuň milli daşaýjysy bolan “Iran Air” howaýollary kompaniýasyna garşy sanskiýa girizmegi wada berenden soňra, Eýran bu çärelere ‘simmetriki we proporsional’ jogabyň beriljekdigini aýdýar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasser Kanani 10-njy sentýabrda beren beýanatynda Eýrana garşy bildirilýän aýyplamalaryň “düýbünden esassyz we ýalan” bolandygyny aýtdy.

“Ýewropanyň bu üç ýurdunyň hereketleri Günbataryň duşmançylykly syýasatynyň hem-de Eýranyň halkyna garşy girizýän ykdysady terrorçylygynyň dowamydyr” diýip, ol Telegramda beren beýanatynda aýtdy.

“Bu simmetrik we proporsional gaýtawula duçar bolar” diýip, ol belledi.

Biraz öň, Birleşen Ştatlary hem 10-njy sentýabrda Tähranyň Russiýany harby taýdan goldamagy, şol sanda oňa özüniň Ukrainadaky giň gerimli çozuşynda ulanar ýaly, ‘ballistik raketalary eltip bermegi’ sebäpli, Eýrana garşy täze sanksiýalary yglan etdi.

XS
SM
MD
LG