Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran kazyýeti ölüme höküm edilen repçini aklady


Tomaj Salehi
Tomaj Salehi

Ysfyhanyň Ynkylap kazyýeti Yslam respublikasyna garşy aýdan protest aýdymlary sebäpli ölüm jezasyna höküm edilen eýranly repçi Toomaj Salehini aklady.

Salehiniň aklawçysy 2022-nji ýylda "Ýerdäki korrupsiýa" aýyplamasy bilen aýyplanan müşderisiniň kazyýet işi baradaky kararyň 14-nji awgustda çykandygyny aýtdy.

Amir Raesianyň X-da beren habaryna görä, Ysfyhanyň Ynkylap kazyýetiniň 5-nji bölümi bu iş boýunça aklamak hökümini çykardy.

Şeýle-de ol müşderisiniň beýleki aýyplamalar boýunça jogapkärçilige çekilmeginiň togtadylandygyny aýtdy.

Ynkylap kazyýeti Salehini maý aýynda "Ýerdäki korrupsiýa" aýyplamasy bilen ölüm jezasyna höküm etdi, ýöne Ýokary kazyýet bu karary ýatyrdy we gaýtadan seretmek üçin, onuň işini Ynkylap kazyýetiniň parallel bölümine iberdi.

XS
SM
MD
LG