12-nji iýulda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan NATO-nyň Ysraýylyň häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmeginiň mümkin däldigini aýtdy.
“Palestinada hemmetaraplaýyn, durnukly parahatçylyk ornaşdyrylmazdan, Türkiýe NATO-nyň çägindäki Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk synanyşyklaryny oňlamaz” diýip, Erdogan Ýaranlygyň sammitiniň dowamynda çykyş etdi.
Ol Türkiýäniň Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan urşuny togtatmak ugrunda hem diplomatiki tagallalaryny dowam etdirýändigini belledi.
Erdogan Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidana Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşyp, Siriýa bilen gatnaşyklary dikeltmek ugrunda gepleşikleri geçirmek barada görkezme berendigini hem mälim etdi.
Türkiýä F-16 harby uçarlaryny satmak barada, Erdogan: “Men [ABŞ-nyň prezidenti Jo] Baýden bilen gürleşdim. Men bu meseläni 3-4 hepde içinde çözerin” diýdi.