Prezident Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň, geçmişde Liwiýada we Daglyk-Garabagda hem bolşy ýaly, Ysraýyla girip biljekdigini aýtdy. Emma anyk nähili görnüşdäki goşulmaklyk barada gürrüň edýändigini takyklaşdyrmady.
Erdogan Ysraýylyň Gazadaky operasiýasyny ýiti tankytlap gelýär.
“Biz Ysraýylyň Palestinada bu bolgusyzlyklary edip bilmezligi üçin, örän ykjam bolmalydyrys. Garabaga we Liwiýa girişimiz ýaly, biz muny olara hem edip bileris” diýip, Erdogan 28-nji iýulda häkimiýet başyndaky AK Partiýanyň mejlisiniň dowamynda çykyş etdi.