Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ençeme ýurtda aktiwistler Çeçenistana zor bilen äkidilen zenanyň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy soradylar


Seda Suleýmanowa
Seda Suleýmanowa

27-nji fewralda ençeme ýurtdaky aktiwistler Russiýanyň resmilerinden Seda Suleýmanowanyň nirededigini aýdyňlaşdyrmaga çagyrdylar. Suleýmanownyň Sankt-Peterburg şäherinde saklanyp, soňra özüniň dogduk Çeçenistan respublikasyna zor bilen äkidilmeginden bäri 150 gün geçdi. Ol ilki başda Demirgazyk Kawkazdaky döwleti maşgalasyndaky zorluk sebäpli terk edipdi.

Aktiwistler Russiýanyň Buenos Airesdaky, Berlindäki, Bonndaky, Warşawadaky, Meksikadaky we Tbilisidäki diplomatiki wekilhanalarynyň öňünde piket geçirdiler. Olaryň ellerinde “Bize Sedany görkeziň”, “Namys öldürmelerine ýok” we “Seda nirede?” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy. Şuňa meňzeş çäreler Italiýanyň bäş şäherinde hem geçirildi.

Geçen ýylyň awgustynda, Sankt-Peterburgyň polisiýasy Sedany we onuň partnýory Stanislaw Kudrýawsowy olaryň öz öýlerinde sakladylar we polisiýa bölümine eltdiler. Ol ýerde Suleýmanowanyň Çeçenistanda şaý-sepleri ogurlamakda güman edilýändigi aýdyldy. Seda bu aýyplamany ret etdi.

Suleýmanowa soňundan Çeçenistana geçirildi. Kudrýawsow Suleýmanowa bilen durmuş gurup, Çeçenistana göçüp bilmegi üçin, Yslamy kabul edipdi. Onuň Suleýmanowany tapmak synanyşyklary netije bermedi.

XS
SM
MD
LG