ABŞ-nyň emin agzalary 12-nji noýabrda ABŞ-nyň goranmak potratçysyna Abu Graýb türmesinde gynalan üç yrakla 42 million dollar jerime tölemegi buýurdy.
CACI, düýbi Wirjiniýada ýerleşýän harby potratçy 2003-nji we 2004-nji ýyllarda türmede bolan gynamalara we nädogry çemeleşmelere goşan goşandy üçin jogapkär hasaplandy diýip, Konstitusiýa hukuklary merkeziniň çap eden habarynda aýdylýar.
Emin agzalary CACI-niň Bagdadyň Abu Graýb türmesinde ABŞ harbylary bilen bilelikde işlän raýat derňewçileriniň işi üçin jogapkärçilik çekmelidigini aýtdy.
Emin agzalary şikaýatçylar Suhail Al Şimari, Salah Al-Ejaili we Asaad Al-Zubae dagynyň hersine 3 million dollar öwez töleginiň, 11 million dollar jerime töleginiň edilmegini buýurdy.
Olar urlup-ýenjilmä, jynsy taýdan zorluga, ýalaňaçlyga we beýleki rehimsiz çemeleşmelere duçar bolandyklary barada görkezme berdiler.