Dünýä liderleri ABŞ-da prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär bolmaly Donald Trampa ýaragdan ot açylmagyny ýazgardylar. Bu hadysa ABŞ-daky saýlaw kampaniýasyny ynjalyksyzlandyrdy, şeýle-de syýasy gazaplylyk baradaky howatyrlanmalary güýçlendirdi.
Derňewler boýunça Federal Býuro (FBI) muny jana kast etmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreş ok atyşygyny “çürt-kesik” ýazgardy.
“Baş sekretar syýasy gazaplylyk hadysasyny çürt-kesik ýazgarýar. Ol prezident Trampa gowy arzuwlaryny ýollaýar we oňa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär” diýip, Guterreşiň metbugat wekili beýanat bilen çykyş etdi.
14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji prezidenti Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda “uly howatyrlanma” bilen kabul edilendigini mälim etdi.
Beýanatda türkmen tarapynyň güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýandygy we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýändigi aýdylýar.
Mundan başga-da, beýanatda Türkmenistanyň terrorçylygyň ähli görnüşleriniň ýüze çykmasyna we jemgyýetde dartgynlygy döredýän syýasy süteme garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýändigi nygtalýar.
13-nji iýulda Tramp Pennsilwaniýa ştatyndaky saýlaw ýörişiniň dowamynda çykyş edip duran mahaly, birnäçe gezek ok sesleri eşidildi. Tramp soňundan okuň gulagyna degip, sähel ýaralandygyny aýtdy.
Hadysada iki adam, şol sanda güman edilýän atyjy öldürildi, başga-da iki adam ýaralandy.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyny Trampa hüjümi öjükdiren atmosferany döretmekde aýyplady.