Kataryň paýtagty Dohada, BMG-niň guramalaşdyrmagynda, Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylary bilen halkara gatnaşyklary boýunça gepleşikler geçirilýär. 30-njy iýundaky başlanan iki günlük maslahata “Talyban” birinji gezek gatnaşýar. Emma hukuk toparlary aşa berk fundamentalist režimini aýallary goşmandygy we forumda zenanlaryň hukugy meselesini maslahat etmekden ýüz öwürendigi sebäpli, gaharyny beýan etdiler.
“Bu maslahatyň gün tertibini we oňa gatnaşyjylary kesgitlemekde ‘Talyban’ möhüm roly oýnaýar” diýip, Rawadari hukuk guramasynyň dolandyryjy başlygy Şahrazad Akbar Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna Britaniýadan gürrüň berdi.
“Munuň özi uly bir mesele, munuň bilen ‘Talybana’ ygtyýarlyk we kanunylyk berilýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Bu BMG-niň howandarlygynda Dohada Owganystan boýunça geçirilýän üçünji maslahatdyr. Emma “Talyban” muňa birinji gezek gatnaşýar.
BMG-niň resmileri bilen, foruma dünýäniň onlarça döwletiniň, şol sanda ABŞ-nyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.