Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa suwasty ganatly raketalaryny synagdan geçirdi


Synaga Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un syn etdi.
Synaga Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un syn etdi.

Demirgazyk Koreýa suwasty gämi bilen dolandyrylýan strategiki ganatly raketalaryny üstünlikli synagdan geçirdi diýip, Merkezi telegraf agentligi (KCNA) habar berdi.

Raketalaryň öwrümli we 8-şekil traýektoriýasy boýunça iki sagatlap 1500 kilometre çenli uçup, soňra nyşana takyk urandygy aýdylýar.

Agentlik bu synagyň "potensial garşydaşlara garşy strategiki päsgelçilikleriň netijeliligini ýokarlandyrmak" üçin geçirilendigini belledi.

Synaga Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un syn etdi. Ol KHDR has güýçli harby güýçlere esaslanýan dowamly we berk parahatçylygy, durnuklylygy goramak barada alada edýär diýdi.

Günorta Koreýanyň harbylary Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny geçirendigini tassyklady. Olar 25-nji ýanwarda, sagat 16: 00 töwereginde Demirgazyk Koreýanyň içinden Sary deňze tarap birnäçe ganatly raketanyň uçurylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG