1-nji iýulda Demirgazyk Koreýa iki sany ganatly raketanyň synag atyşyny amala aşyrdy, emma olaryň biri kadaly bolmadyk ugur bilen hereket etdi diýip, Günorta Koreýanyň harbylary mälim etdi. Mundan bir gün öň, Phenýan ABŞ-nyň Günorta Koreýa we Ýaponiýa bilen geçiren täze harby türgenleşiklerine “aýgytly” jogap berjekdigini söz beripdi.
Baş harby ştabyň beren maglumatyna görä, raketalar 10 minut töweregi arakesme bilen, Demirgazyk Koreýanyň günortasyndaky Jangýon şäherinden demirgazyk-gündogar sebitlere tarap atylypdyr.
Beýanatda raketalaryň biriniň 600 km aralyga, beýlekisiniň hem 120 km uçandygy adylýar, emma olaryň gaçan ýeri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Demirgazyk Koreýa raketalaryň synagy çäginde, adatça, olary gündogaryndaky suwlara tarap atýardy. Emma ikinji goýberilen raketa ol suwlara ýetmän, has gysga aralyga uçdy.