Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ýaşlaryň psihotrop derman ulanmagy bilen bagly pajygaly waka ýüze çykdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguz şäheriniň orta mekdeplerinde şu günler yzly-yzyna ýygnaklar geçirilýär we okuwçylaryň terbiýesine degişli meseleler uly derejede gozgalýar, ene-atalar öz ýetginjek gyzlaryny daşary çykarmaga gorkýar. Muňa ýaňy-ýakynda ýokary klas okuwçylaryň arasynda bolan pajygaly waka sebäp bolupdyr. Okuwçy gyz-oglanyň psihotrop derman serişdesini ulanmagy gyzyň ruhy hassahana düşmegine, oglanyň tussag edilmegine alyp bardy.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň anyklan maglumatlaryna görä, 5-nji mekdepde 8-nji klasda okaýan okuwçy gyz we 14-nji mekdepde 10-njy klasda okaýan oglan psihotrop derman ulanypdyr.

"Ýaş ýetginjekleriň arasynda bolan ýaramaz waka tas tutuş şäheri aýaga galdyrdy. 14-nji mekdebiň 10-njy synpynda okaýan oglan tanyşynyň öýüne barýar. Oglan energetik içgä psihotrop dermandan 5 tabletka ýokary doza goşup, gyzy dermandan serhoş edip, öz jynsy bähbidine ulanmagy maksat edinýär. Aşa köp dozadaky derman gyza erbet täsir ýetirip, ol özüniň gyzýandygyny aýdyp, dermanyň täsirine çydamaýar. Gyz ýalaňaç köçede 500 metr ylgap Şabat kanala özüni oklaýar. Muny gören şaýatlar tiz kömek we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň halas ediş toparlaryna jaň edýärler" diýip, habarçymyz şaýatlara we ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, habar berýär.

Bu hadysa 22-nji aprelde Daşogzuň il içinde "Çumnyý" diýlip atlandyrylýan ýaşaýyş toplumynda 5-nji mekdebiň golaýynda ýüze çykypdyr.

Gyzy halas etmek başardypdyr, emma bolan ýagdaý onuň ruhy halyna erbet täsir edipdir.

"Gyzy kanaldan diri çykaryp almak başartdy, ýöne lukmanlar onuň ruhy ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýdyp, ony ruhy keseller hassahanasyna ýatyrmaly boldy" diýip, habarçymyz ýerli çeşmeleri sitirleýär.

Habarçylarymyza mälim bolan maglumatlara görä, oglan tussag edilipdir. Bu waka degişli derňewe polisiýa, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri we şäheriň bilim bölüminiň wekilleri çekilipdir.

Şol bir wagtda-da, habarçymyz şäherde adamyň psihikasyna täsir ýetirýän dermanlaryň gizlin söwdasyna garşy hiç hili çäre görülmeýändigine ünsi çekýär.

"Demir ýol köçesiniň ugrunda Parfiýa dükanynyň golaýynda psihotrop dermanlaryň aç-açan söwdasyny edýänlere hiç bir çäre görmediler" diýip, habarçy aýdýar.

Habarçylaryň 30-njy aprelde anyklamagyna görä, gyz ruhy hassahanada saklanýar. Oglan suda çenli deslapky tussaghanada galýar.

Azatlyk Radiosy hadysa bilen bagly şahslaryň we çeşmeleriň atlaryny çap etmekden saklanýar.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, hadysanyň netijesinde gyzyň okaýan 5-nji we oglanyň okaýan 14-nji mekdepleriň müdirleri we müdiriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary wezipelerinden boşadylypdyr.

Şaýatlar hadysanyň iş wagtynda bolmadyk bolsa-da, jogapkärçiligiň mekdebiň boýnuna atylandygyny belleýärler.

"Mekdep - bilim ojagy, terbiýe - ene atanyň jogapkärçiligi. Pedagoglar ir sagat 8:30-dan 17:00 çenli mekdebiň çäginde bolan hadysalara jogap bermeli, emma mekdebiň derwezesiniň daşynda bolan hadysalara mugallymlar jogapkär däl" - diýip daşoguzly çeşme aýdýar.

Bu waka tutuş bilim pudagyna erbet täsir ýetiripdir, etrap mekdepleri ene-atalar bilen ýygnak geçirip, tertip-düzgün, edep-terbiýe meselesini gün tertibine goýýarlar. Ene-atalar hem dowula düşýär.

"Gyzlary bar bolan ene-atalar stres astynda we panikada. Olar bu wakadan soň çagalaryny arkaýyn köçä goýbermekden gorkýar" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda ýetginjekleriň, esasan hem ýokary klas okuwçylaryň arasynda bolýan dürli pajygaly wakalar wagtal-wagtal köpçülige mälim bolýar.

Geçmişde 2000-nji ýylda Lebapda "soňky jaň" dabarasyndan öň üç mekdep okuwçysy özüni heläkledi, Aşgabatda mekdep okuwçysy özüni dördünji gatdan aşak oklady. 2022-nji ýylyň tomsunda Lebapda soňky aýda dört ýigit özüni heläkledi. Mundan başga, mekdep okuwçylaryň arasyndaky göwrelilik hadysalary we psihotrop dermanlaryň ulanmagyna degişli ýagdaýlar ýüze çykýar.

Türkmen metbugatynda pajygaly hadysalar barada düýpden habar berilmeýär. Beýle hadysalary türkmen häkimiýetleri hem komentirlemekden ýüz öwürýärler.

Problemalary resmi derejede boýun almaýan häkimiýetler ýagdaýa mekdeplerde ahlak terbiýesi baradaky sapaklary geçirmek we gyzlary ýygy-ýygyndan ginekologiýa barlagyna mejbur etmek çäreleri bilen çemeleşýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG