Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent “Talybanyň” serhetdäki söwda merkezinde aýdymlaryň gadagan edilmegini sorandygyny ret etdi


"Talyban" dowamly ýagdaýda ilatyň saz gurallaryny ele geçirýär we olary ýok edýär (arhiw suraty)
"Talyban" dowamly ýagdaýda ilatyň saz gurallaryny ele geçirýär we olary ýok edýär (arhiw suraty)

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi, hamala “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň hökümetiniň özara serhet araçäginde ýerleşýän söwda merkezinde konsertleri we beýleki aýdym-sazly çäreleri gadagan etmegi sorandygy baradaky owgan mediasynda çykan habarlary inkär etdi.

14-nji oktýabrda Owganystanyň Atlaspress neşirinde çap bolan habarda aýdylmagyna görä, “Talyban” özbek hökümetinden Termiz Halkara Söwda Merkezinde aýdym-sazly çykyşlaryň bes edilmegini sorapdyr.

Habarda, hamala “Talybanyň” eger-de bu berjaý edilmese, onda owgan raýatlarynyň bu desga barmagynyň öňüni aljakdygy bilen haýbat atandygy hem bellenilýär.

“Talyban” aýdym-sazly çykyşlaryň dini taglymatlara çapraz gelýändigini aýdyp, olary gadagan edýär.

XS
SM
MD
LG