14-nji iýulda müňlerçe adam Dagly-Garabagyň paýtagty Stepanakertde ýygnanyp, bölünip aýrylýan sebit bilen Ermenistanyň arasyndaky ýeke-täk gury ýer baglanyşygy bolan Laçyn koridorynyň Azerbaýjan tarapyndan ýapylmagyna garşy protest bildirdi.
Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugy 11-nji iýulda Laçyn koridoryndaky gatnawyň Ermenistandan gelýän Gyzyl Haç ulaglarynda tapylan "her dürli kontrabanda" ýükleriniň barlag nokadyndaky derňewi zerarly togtadylandygyny aýtdy.
Bu çäre, Ermenistanyň aýtmagyna görä, azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän durnuksyz anklawda gumanitar krizis aladasyny döretdi.
14-nji iýulda Stepanakertiň esasy meýdançasynda 6000 töweregi adam tarapyndan geçirilen demonstrasiýa Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň 15-nji iýulda Brýusselde Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen boljak duşuşygynda parahatçylyk şertnamasynda ilerleme gazanylmagyna umyt bildiren wagtyna gabat geldi.
Paşinýan 14-nji iýulda geçirilen hökümet ýygnagynda eden çykyşynda Laçyn koridorynyň baglanmagyny ýazgardy we onuň Halkara Adalat kazyýetiniň (ICJ) fewral aýynda Azerbaýjanyň bu ýolda hereket erkinligini üpjün etmelidigi barada çykaran kararyna ters gelýändigini aýtdy.