Moskwanyň eteginde ýerleşýän Krokus şäher zalyna ýaragly hüjüm geçenden bir ýyl bäri Merkezi Aziýadan bolan migrantlar Russiýada basyşlary we kemsidilmeleri başdan geçirýärler. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar migrantlaryň mejbury ýygnalýandygyny we olara garşy jynsparaz hüjümleriň bolýandygyny habar berdiler.
2024-nji ýylyň 22-nji martynda Krokusda bolan ölümli terrorçylyk hüjümde şübhe bildirilip, dört täjigiň tussag edilmeginden soň, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen migrantlar Russiýada yzarlamalara we zorluga duçar bolýarlar.
Ol hüjümde 140-dan gowrak adam wepat boldy we 550-den gowrak adam ýaralandy. Crokus şäher zalynda bolan terrorçylykly hüjüm Russiýada soňky ýyllarda ýüze çykan iň rehimsiz çäre boldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" ekstremist topary öz üstüne aldy.
«Hüjüm geçeninden bir ýyl bäri, Russiýanyň migrasiýa ýagdaýynda düýpli özgerişler ýüze çykýar. Owaly bilen diňe bir Täjigistandan däl, eýsem Merkezi Aziýanyň [beýleki] ýurtlaryndan, esasanam, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen migrantlara örän ýowuz daraşdylar. Ikinjiden, [Russiýanyň hökümeti] migrantlary işe almagy kynlaşdyrýan birnäçe kararlary kabul etdi" diýip, migrasiýa boýunça ekspert Rahmon Ulmasow aýdýar.
2024-nji ýylyň tomsunda Russiýanyň häkimiýetleri polisiýa işgärlerine kazyýetiň karary bolmasa-da, migrantlary ýurtdan kowmaga has köp ygtyýar berip, kanuna üýtgetmeler girizdiler.
Moskwada ýaşaýan Täjigistandan gelen 34 ýaşly migrant Human Rights Watch guramasyna: «Häzirki wagtda bu ýerde migrantlaryň durmuşy hemişe gorkudan we kemsitmeden doly. Biz her gün kanun goraýjylar tarapyndan kemsidilmelere we zalymlyklara duş gelýäris. Polisiýa işgärleri sypaty aziýaly bolan adamy gören badyna bahana tapyp kösäp başlaýarlar» diýip gürrüň berdi.
Human Rights Watch (HRW) tarapyndan golaýda çap edilen hasabatda, Russiýada Merkezi Aziýadan bolanlary "etnik profilleşdirmegiň we bikanun tussag etmeleriň" ýokarlanandygy, şeýle hem sagçy milletçi toparlaryň ksenofobiýasynyň we zorlugynyň artýandygy nygtalýar.
Adam hukuklaryny goraýjylar Merkezi Aziýadan gelen hem-de kommunal we hyzmat ediş sektorlarynda işleýän migrantlara garşy slawýan daş keşbinden bolan ýaş ýigitleriň fiziki hüjümleriniň wideoýazgylaryny aýan etdiler.
Wideolar hüjümleri guraýjylar tarapyndan surata düşürilip, internetde ýerleşdirilipdir.
«Russiýanyň jenaýat kodeksinde "milli aýratynlygy esasynda ýigrenç ýa-da duşmançylyk oýarmak" çäreleri boýunça jogapkärçilige çekmek barada, degişli madda bolsa-da, ol Merkezi Aziýadan bolanlara garşy ksenofobik zorluk bilen baglanyşykly seýrek ulanylýar. Kazyýete ýetýän ksenofobik zorluk-sütemiň köp bölegi "huligançylyk" ýa-da "ýigrenç komponenti" şekilli jenaýat hasaplanýar» diýip, HRW belleýär.
«BASYŞ ETMEK WE GORKUZMAK»
Şeýle hem HRW guramasy Russiýanyň häkimiýetleriniň Merkezi Aziýadan bolanlary ýaragly güýçlere çagyrýandygyny, olary Ukrainada barýan söweşlere gitmäge mejbur etmek üçin, sebäpsiz tussag etmek we sürgün etmek howpuny ulanýandygyny aýdýar.
«[Polisiýa işgärleri migrantlara:] "Siz bu ýerde ençeme ýyldan bäri işleýärsiňiz, utanmagyňyz gerek, indi bizi goraň, özüňizi uzak wagtlap ekläp gelen ýurda bergiňizi beriň!" diýýärler. Ahyrky netijede, olara [tussag edilen migrantlara] sürgün edilmegi ýa-da harby gulluga gitmegi saýlap almagy buýurýarlar» diýip, Russiýadaky zähmet migrantlaryna kömek edýän Gyrgyzystandan bolan hökümete degişli däl guramanyň migrasiýa boýunça eksperti Rahat Sagynbek Human Rights Watch guramasyna aýtdy.
Gyrgyzystandan bolan syýasy bilermen Emil Juraýew şeýle diýýär: "Russiýadaky musulmanlar birnäçe wagtdan bäri dürli basyşlara we gorkuzmalara sezewar bolýarlar. Bu ýagdaý [Crocus City Hall] wakalaryndan öň hem bolupdy, soňra-da bolýar. Biz muny mydama görýäris. Biz metjitlere nähili hüjüm edilýändigini görýäris. Bu gabawlar [hüjümden] öň hem bolupdy".
Moskwanyň eteginde ýerleşýän konsert zalyna edilen hüjümde esasy şübhe bildirilen dört sany Täjigistanyň raýatlary bolup, olar heniz kazyýet diňlenişigine getirilmedi. Mart aýynyň başynda Moskwa derňew işleriniň tamamlanandygyny yglan etdi, ýöne kazyýet işi heniz başlanmady.
2024-nji ýylyň mart aýynda kazyýet olary tussag etmäge rugsat berende, olaryň dördüsiniň hem urlup-ýenjilendigi kazyýet zalynda görkezildi. Geçirilen barlagyň barşynda, ýene-de şübhe bildirilýän, azyndan 23 sany adam tussag edildi.
Şübhe bildirilen adamlaryň biriniň ejesi Dalerjon Mirzoýewa öz oglunyň günäkär däldigine ynanýandygyny aýtdy.
"Men diňe elimdäki telefonyma seredýärin. Men [urlup-ýenjilen] çagamyň ýüzi gögeren suratyny görýärin. Ine, bary şu. Olaryň maňa jaň edenlerinden bäri bir ýyl geçdi. Belki-de, bu meniň günämdir. Ony gidip görmäge meniň pulum ýok. Men hiç zat islemeýärin. Ýagdaý örän gynançly" diýip, Mirzoýewa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Russiýanyň ykdysadyýeti belli derejede migrantlaryň zähmetine bagly: "Kommersant" gazetiniň maglumat bermegine görä, 2024-nji ýylda ýurtda Merkezi Aziýadan 3,3 milliona golaý adam zähmet çekipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum