Täjigistandan gelen 30-dan gowrak adam Moskwanyň Wnukowo howa menzilinde saklandy, olaryň arasynda aýallar we çagalar bar. Olar bu ýere birnäçe gün öň gelipdi. Galyberse-de, geçen hepdäniň birinde Orsýetiň polisiýasy Sankt-Peterburgdaky bazarlara hüjüm edip, migrasiýa kanunlaryny bozandygy üçin, 49 migranty saklady. Bular Russiýada migrasiýa syýasatyndaky dowam edýän berkemeginiň bary-ýogy birnäçe görnüşidir.
16-njy iýunda aeroportda saklanan migrantlaryň käbiri žurnalistlere wideo ýolladylar, onda Russiýanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleri migrantlaryň telefonlaryny barlaýarlar, “Krokus” wakalary hakda sorag berýärler we «Orsýet sizden ýaňa ynjalyp bilenok», «Öýüňize gaýdyň» diýýärler.
Barlaglar güýçlenýär
Şu ýylyň 22-nji martynda Moskwanyň etegindäki "Crocus City Hall" konsert zalynda bolan terrorçylykly hüjümden soň, Orsýet Merkezi Aziýadan gelen migrantlara basyşy güýçlendirdi. Azyndan 145 adamyň ölümine sebäp bolan terrorçylykly hüjümde şübhelenip tussag edilenleriň arasynda, 10-dan gowrak adamyň Täjigistandandygy ýüze çykdy.
Orsýet mediasy ýakynda Sankt-Peterburgdaky köpugurly bazarlara edilen hüjümiň çäginde, 49 daşary ýurt raýatynyň "migrasiýa kanunlaryny bozandyklary üçin" saklanandygyny habar berdi. Sankt-Peterburgyň we Leningrad oblastynyň polisiýasynyň maglumatyna görä, 350 migrantyň dokumentleri barlanypdyr. Mundan başga-da, daşary ýurtlularyň sürýän ulaglarynyň 242 sanysynda, ýol howpsuzlygyny berjaý etmek düzgünleri barlanyp, alty sürüji administratiw jogapkärçilige çekilipdir.
Bu hüjümiň dowamynda barlanan migrantlaryň arasynda, Gyrgyzystanyň raýatlarynyň bardygy ýa ýokdugy häzirlikçe belli däl. Muny Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasyndan ýa-da Sankt-Peterburgdaky Baş konsullygyndan hem anyklap bolmady.
Sankt-Peterburgda gyrgyz migrantlaryny goldamak boýunça jemagat maksatnamasynyň wekili dynç günleri şäherde hüjümleriň amala aşyrylandygyny tassyklady. Howpsuzlyk sebäplerine görä, ol öz adynyň tutulmagyny islemedi.
«Anna, şenbe we ýekşenbe günleri şäherde güýçli barlag boldy. Muny men bilýärin. Biz migrantlar üçin programma geçirip, Sofiýa gök-önüm bazasynda bolduk. Biziň çärämiz gutaran badyna, olar gelip, 20-30 adamy sakladylar. Olaryň arasynda ýekeje gyrgyzystanly hem ýok, men durup synladym. Diňe özbekler we täjikler bardy. Terrorçylykly hüjümden soň migrantlara garşy şeýle barlaglar has-da güýçlendi. Gyrgyzlaryň asla tussag edilmeýändigini aýdyp bolmaýar. Mysal üçin, hepde dowamynda 2-3 adam meniň bilen habarlaşyp, saklanany üçin kömek soraýandyklaryny aýtdylar».
Rus polisiýasynyň habar bermegine görä, soňky barlag çäreleri 11-nji iýunda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinden, 20 ýaşly iki raýatyň goňşy ýurtdan bolan 26 ýaşly migranty ogurlanyndan soň amala aşyrylypdyr. Ony urupdyrlar, telefonyny, şahsy goş-golamyny alyp, bank kartyndan hem 55 müň rubl talanypdyr. Talaňçylyk bilen bagly jenaýat işi gozgaldy.
«Korrupsiýa elementleri bar»
Öz adyny mälim etmek islemedik, Sankt-Peterburgda taksi sürüjisi bolup işleýän gyrgyzystanly migrantyň aýtmagyna görä, köçelerde şeýle barlaglaryň ýygy-ýygy bolmagyna garamazdan, polisiýanyň migrantlara bolan garaýşy has ýowuzlaşypdyr.
«Aslynda, öň Sankt-Peterburgda patrul polisiýasy durup, beýle dykgatly barlag geçirse-de, ýowuz däldi. Emma polisiýa bölümine äkidilensoň, bu garaýyş örän ýowuzlaşýar. Men muňa aýalym şol ýere düşüp, ondan çykandan soň düşündim. Eger dokumentinde sähelçe problema bolsa-da, olar bu adama agyr jenaýat işi eden ýaly çemeleşýärler. Ony garaňky otaga gabap, iýmäge hiç zat bermeýärler. Men aýalymyň yzyndan nahar eltdim, ýöne ol muny almandyr. Ol ýerde sowuk bolany üçin, ýapynja eltip berenimde, oňa mätäç däldigini, hemme zadyň üpjün ediljekdigini aýtdylar. Ýöne oňa hiç zat bermändirler, ol penjiresiz otagda, sowuk ýerde ýatypdyr» diýip, sürüji gürrüň berýär.
Polisiýa işgärleri "her toparda jenaýat işleriniň" öňüni almak maksady bilen migrantlaryň ýaşaýan ýerlerini yzygiderli barlaýarlar. Şu ýylyň mart aýynda “Krokus” şäher zalynda bolan terrorçylykly hüjümden soň, bikanun migrasiýa garşy göreşmek boýunça çäreler güýçlendirildi.
"Adam-Leýlek" guramasynyň işgäri, birnäçe ýyldan bäri Orsýetde işleýän we gyrgyz raýatlaryna kanuny kömek berýän Nursultan Karabaýewiň sözlerine görä, migrantlara kireýine jaý berýän rus graždanlary köplenç salgytlardan gaça durýarlar we myhmanlaryny hasaba aldyrmaýarlar. Soňra hüjüm ýa-da barlag geçirilende, migrantlary hasaba alynmazlykda aýyplanýarlar. Aklawçy bu bulaşyklygyň migrantlara garşy ýörite döredilendigini hem aradan aýyrmaýar.
«Muňa ýörite niýetlenen sistema diýse-de bolar. Sebäbi korrupsiýa elementleri bar. Olar saklanýar, käbiri yzyna sürgün edilýär, saklananlaryň yzarlanyp, pul talap edilýän halatlary bolýar. Hüjümler bolsa bara güýçlenýär. Merkezi Aziýadan gelen migrantlar üçin, bu agyr kynçylyk döredýär. Häzir migrantlar öz toparlaryna WhatsApp arkaly biri-birine duýduryş berip başladylar, nirede we nähili barlaglaryň geçirilýändigini habar berýärler. Biziň adamlarymyz üçin, barlag hüjümleri täzelik däl. Halaýan bolsalar-da, islemeseler-de, oňa öwrenişýärler» diýip, aklawçy aýdýar.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, häzirki wagtda Orsýetde 410 müňe golaý gyrgyz raýaty işleýär. Mundan öň resmi maglumatlarda, Orsýetde ýaşaýan we işleýän gyrgyzlaryň sanynyň bir milliondan geçendigi habar berlipdi. Emma soňky iki ýylyň içinde, migrantlaryň sany birden azalýar.
2022-nji ýylyň fewralyndan, Orsýetiň Ukraina garşy urşa başlamagy bilen migrantlaryň köp bölegi Günbatara we ABŞ gidýärler. Diňe geçen ýylyň dowamynda, 180 müňe golaý gyrgyzystanly Russiýany terk etdi. Munuň sebäbi hem migrantlara garşy barlaglaryň berkemegi hem-de rus walýutasynyň durnuksyzlygydyr. Şeýle-de, migrantlar geçen hepdeden bäri pul serişdelerini ibermek bilen bagly kynçylyklaryň bolýandygyny belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum