Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çalyşmagyň birinji tapgyrynda boşadylmaly 33 ysraýyllynyň sekizisi öli boşadylar


Ysraýylyň Gaza zolagyndaky zamunlary yzyna getirmegini goldamak üçin geçirilen çäre
Ysraýylyň Gaza zolagyndaky zamunlary yzyna getirmegini goldamak üçin geçirilen çäre

Ysraýyl bilen baglaşylan ýaraşygyň birinji tapgyrynyň çäginde ABŞ we ÝB tarapyndan terror topary diýip kesgitlenen HAMAS toparynyň boşadýan 33 zamunynyň sekizisi ýogalan adamlar.

Ysraýyl hökümetiniň bu maglumaty aýdan wekili Deýwid Menser jesedi beriljek zamunalryň atlaryny aýtmady.

Şeýlelikde, HAMAS tarapyndan berlen sanaw esasynda, ýakyn hepdelerde diňe 25 ysraýylly diri boşadylar. Bu maglumatlar Ysraýylyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna gabat gelýär.

Menser HAMAS sekiz zamunyň jesedini garyndaşlaryna tabşyrar diýdi. Ysraýyl häkimiýetleri pidalaryň maşgalalaryna bu barada eýýäm habar berendiklerini aýtdylar.

Şu hepde alty adamyň boşadylmagyna garaşylýar. Olaryň üçüsi Ysraýyla 30-njy ýanwarda, ýene üçüsi 1-nji fewralda tabşyrylmaly.

Olaryň arasynda öň wada berlen, ýöne boşadylmadyk Arbel Ýehud hem bar. Ysraýyl HAMAS toparyny ylalaşyklary bozmakda aýyplady we Ýehudyň azat edilmegi meselesi çözülýänçä palestinalylaryň Gazanyň demirgazygyndaky hereketine wagtlaýyn çäklendirme girizdi.

XS
SM
MD
LG