Leýboristleriň lideri Keir Starmer 5-nji iýulda partiýasynyň milli saýlawda ýeňiş gazanyp, Konserwatiw hökümetiň 14 ýyllygyny tamamlandan soň eden çykyşynda "Üýtgeşme indi başlaýar" - diýdi.
Leýboristleriň ýeňişi olaryň parlamentde 326 orny eýelemeginden soň yglan edildi.
"Bu ygtyýar uly jogapkärçiligi aňladýar" diýip, Starmer Londonda geçirilen dabarada öz tarapdarlaryna aýtdy.
Keir Starmer parlament saýlawlarynda köplük sesini almak bilen Britaniýanyň indiki premýer-ministri bolar.
4-nji iýulda geçirilen ses berişlik oppozision Zähmet partiýasynyň parlament saýlawlarynda sesleriň köpüsini toplandygyny görkezdi. Rişi Sunagyň baştutanlygyndaky konserwatorlarynyň ýitgiler çekjekdigi aýdylýar.
Saýlawda, leýboristleriň 650 orunlyk mejlisde 410 orun gazanmagy konserwatorlaryň ýolbaşçylygyndaky 14 ýyllyk häkimiýetiniň soňuna gelendigi görkezildi.
Çaklamalara görä, Sunagyň partiýasy parlamentde 131 orny alar. Parlamentiň dargadylan wagtynda partiýanyň agzalary 346 ýer eýeleýärdi.
Saýlawçylar 2016-njy ýyldan bäri bäş dürli premýer-ministri gören hökümetiň başynda bolan konserwatorlary uzaga çeken durnuksyzlykda günäleýärler.