Sepleriň elýeterliligi

 
Britan premýeri, Parahatçylyk ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin, Ukraina goşun iberip biljekdigini aýtdy
Soňky habar

Britan premýeri, Parahatçylyk ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin, Ukraina goşun iberip biljekdigini aýtdy


Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer (sagda) Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen
Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer (sagda) Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen

Angliýanyň premýer-ministri Keir Starmer britan goşunlaryny Ukraina ibermek bilen, esgerleri “howp-hatar astyna salsa-da”, ol ýerdäki söweşleri bes edýän islendik parahatçylyk şertnamasyny durmuşa geçirmäge kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

Starmer 16-njy fewralda "Daily Telegraph" gazetinde çap eden makalasynda bu karary "aňsatlyk bilen" kabul etmeýändigini, ýöne şeýle missiýa Angliýanyň we tutuş Ýewropa yklymynyň howpsuzlygyny üpjün edip biler diýip oýlanýandygyny aýtdy.

Starmeriň bu sözleri onuň parahatçylyk goraýjy güýçleri Ukraina ibermek barada eden ilkinji aç-açan beýanaty bolup, Britan premýeriniň we beýleki Ýewropa liderleriniň 17-nji fewralda, Waşington bilen Russiýanyň Ýewropanyň howpsuzlyk bähbitlerine garşy ylalaşyk baglaşmak ähtimallygy baradaky gorkularyň artmagynyň arasynda, Parižde duşuşýan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG