Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýanyň Ýokary sudy X ulgamynyň işini togtatmak hökümini güýjünde galdyrdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

2-nji sentýabrda Braziliýanyň Ýokary sudy X sosial media läheňini, ýerli kanunçylyga boýun bolmandygy üçin, kazy Aleksandre de Moreasiň onuň işini togtatmak baradaky hökümini öz güýjünde galdyrdy. Suduň bäş agzasy bir agyzdan bu netijä geldi.

Şol bir wagtda, sudýalaryň käbiri, eger-de platforma ozalky höküme tabyn bolsa, onda karara täzeden garalyp bilinjekdigini hem bellediler.

Braziliýada has meşhur hasaplanýan X ulgamynyň işi, 31-nji awgustda irden Moraesiň karary esasynda togtadyldy. Mundan öň, platforma Braziliýanyň kanunlaryna laýyklykda ýerli wekilini bellemek baradaky suduň kesgitlän soňky möhletine çenli, muny amal etmändi.

XS
SM
MD
LG