Eýranda awgustda azyndan 93 adam jezalandyrylyp öldürildi, bu görkeziji şu ýylyň hasabyna eýýäm 400 adamdan hem geçdi diýip, 2-nji sentýabrda BMG-niň ekspertleri aýtdylar.
BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy (OHCHR) bir aýdaky bu görkeziji bilen baglylykda “alada” bildirdi, şeýle-de Eýrany ölüme höküm edilenleri jezalandyryp öldürmek tejribesinden dessine el çekmäge çagyrdy.
Maglumatda geçen aý jezalandyrylyp öldürilenleriň 41-isiniň neşe kanun bozmalary bilen ilteşikli muňa höküm edilendigi bellenilýär.