Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Ysraýyla asuda ilaty goramagyň “iňňän wajypdygyny” aýtdy


Ysraýylyň 10-njy oktýabrda Beýruta uran zarbalarynyň netijeleri.
Ysraýylyň 10-njy oktýabrda Beýruta uran zarbalarynyň netijeleri.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň Ýakyn Gündogar sebitinde has uly urşuň turmagynyň öňüni almak ugrunda tagalla edýändigini aýtdy, şeýle-de Beýrutyň merkezine urlan zarbada 22 adamyň heläk bolmagyndan soň, Ysraýyly asuda ilaty goramaga çagyrdy.

Mundan bir gün öň, Ysraýyl Beýrutdaky iki bina zarba urdy. Munuň netijesinde, jaýlaryň bir dolulygyna weýran boldy.

“Biz sebitde has giň konfliktiň öňüni almak ugrunda işjeň tagalla edýäris” diýip, Blinken Laosda geçen Gündogar Aziýa sammitiniň dowamynda çykyş etdi. Ol konfliktiň dowamynda Ysraýylyň parahat ilatyň goraglylygyny kepillendirmeginiň “iňňän möhümdigini” hem nygtady.

Liwanyň çeşmeleri hüjümde Hezbollah toparynyň azyndan bir ýokary derejeli agzasynyň nyşana alnandygyny tassyklady. Ysraýyl geçen aý Liwanyň günortasynda Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah toparyna garşy harby operasiýa başlady. ABŞ Hezbollahy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär.

Hezbollah bilen ilteşikli media serişdeleri ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi Wafik Safany öldürmek synanyşygynyň şowsuz bolandygyny aýtdy. Ol Safanyň zarba urlan binalaryň hiç biriniň içinde bolmandygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG