Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň sanksiýa düşen dökünleri, Türkmenistanyň önümi hökmünde görkezilip, bikanun ýagdaýda Ukraina getirildi


Belarusyň Hronda Azat kompaniýasy dökün önümlerini öndürýär (arhiw suraty)
Belarusyň Hronda Azat kompaniýasy dökün önümlerini öndürýär (arhiw suraty)

Ukraina we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gadagançylyk girizilen Belarusyň mineral dökün önümleri, Türkmenistanda öndürilendigi baradaky galp maglumatyň esasynda, Ukraina bikanun ýagdaýda getirilipdir. Bu ýagdaýlary Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy, ýagny Radio Swaboda äşgär etdi.

Kiýewiň Şewçenko etrap sudundan Radio Swaboda elýeterli bolan dokumentlere görä, Belarusyň Hronda Azot kompaniýasy, dürli araçylaryň, şol sanda düýbi Dubaýda ýerleşýän bir kompaniýanyň üsti bilen bu önümleriň gelip çykyşyny gizläpdirler, we olary hamala Türkmenistanyň önümi hökmünde görkezipdirler.

Bu gadagançylyga düşen belarus önümleriniň, gaçgak ýollary arkaly, Ukraina getirilmeginiň gerimine hem yşarat etdi. Araçylar bu önümleri, şol sanda Rumyniýanyň we Bolgariýanyň üsti bilen sanksiýalardan sowa geçip, Ukraina getirýärler.

XS
SM
MD
LG