Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň prezident saýlawlarynyň deslapky netijeleri yglan edildi: Lukaşenko 86,82% ses aldy


Aleksandr Lukaşenko prezident saýlawynda ses berýär. Minsk, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwary.
Aleksandr Lukaşenko prezident saýlawynda ses berýär. Minsk, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwary.

Belarusyň uzak wagtlyk dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenko Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň "galp" diýip ýazgaran prezident saýlawynda özüniň ýedinji möhlete saýlanmagyny üpjün etdi.

Belarusyň Merkezi saýlaw topary prezident saýlawlarynyň deslapky netijelerini yglan edip, Aleksandr Lukaşenkonyň öňe saýlanandygny aýtdy.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Igor Karpenkonyň sözlerine görä, Aleksandr Lukaşenko saýlawda berlen sesleriň 86,82% -ini aldy.

Beýleki dalaşgärler, Sergeý Syrankow 3,21%, Oleg Gaýdukewiç - 2,02%, Anna Kanopatskaýa - 1,86%, Aleksandr Hižnýak - 1,74% ses aldy.

Saýlawçylaryň 3,6% -i dalaşgärleriň ählisine garşy ses berdi.

Saýlawyň gutarnykly netijeleri 3-nji fewralda yglan ediler.

Belarusyň Merkezi saýlaw toparynyň tassyklamagyna görä, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy 85,7% boldy.

XS
SM
MD
LG