Belarusyň resmileri ýurtda fewralda geçmeli parlament we ýerli saýlawlara gözegçilik etmek üçin, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) synçylaryny çagyrmajakdygyny mälim etdiler. Bu barada 8-nji ýanwarda Belarusyň ÝHHG-däki hemişelik wekili Andreý Dapkiunas mälim etdi.
Bu diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň ýurtdaky syýasy institutlary hasam köp öz gol astynda saklamak boýunça durmuşa geçiren ädimleriniň ýene biri boldy.
ÝHHG-niň synçylary Belarusdaky saýlawlara onlarça ýylyň dowamynda gözegçilik eden ýeke-täk halkara synçylary bolupdy.