Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ölüme höküm edilen german raýatynyň ykbaly boýunça Berlin bilen gepleşýär


Belarusda "hakyna tutma söweşiji" hereketleri üçin ölüm jezasyna höküm edilendigi aýdylýan german raýaty Riko Krieger.
Belarusda "hakyna tutma söweşiji" hereketleri üçin ölüm jezasyna höküm edilendigi aýdylýan german raýaty Riko Krieger.

Belarus we Germaniýa geçen aý Minskiň sudy tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilendigi aýdylýan german raýatynyň ykbaly boýunça “konsultasiýalary” geçirýärler diýip, Belarusyň Daşary işler ministrligi 20-nji iýulda mälim etdi.

“Elbetde, bu mesele boýunça Germaniýa tarapy bilen aragatnaşyk saklaýarys. Bu jenaýatçy Germaniýanyň raýaty we biz german tarapynyň ol baradaky aladasyna düşünýäris” diýip, Belarusyň daşary syýasat edarasynyň metbugat wekili Anatoliý Glaz aýtdy.

Ol belarus tarapynyň “bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda anyk çözgütleri hödürländigini” hem sözüne goşdy.

Belarus bu şahsyýete, “halkara kadalaryna we ikitaraplaýyn şertnamalara laýyklykda”, konsullyk mümkinçiliklerini doly üpjün etdi diýip, Glaz belledi.

19-njy iýulda Germaniýanyň Daşary işler ministrligi Belarusda bir raýatynyň ölüme höküm edilendigini tassyklady. Ministrlik onuň ykbaly bilen baglylykda Minsk bilen içgin aragatnaşyk saklaýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG