Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýdeniň saýlawlardan çekilmegi boýunça ABŞ Demokratlarynyň basyşy artýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (sagda) Hollywood ýyldyzy Jorj Kluneý. Arhiw suraty
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (sagda) Hollywood ýyldyzy Jorj Kluneý. Arhiw suraty

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň golaýlaýan prezidentlik saýlawlarynda täzeden dalaş edip-etmezligi boýunça Nensi Pelosi we Jorj Kluneý (George Clooney) ýaly täsirli şahslardan täze ikirjiňlenmeler orta atyldy. Bularyň beýleki Demokrat kanunçykaryjylara we maliýe goldawçylaryna hem täsir ýetirip biljekdigi bellenilýär.

Wekiller Öýüniň öňki başlygy we Baýdeniň uzak wagtan bäri ýarany Nensi Pelosi MSNBC kanalyna beren interwýusynda “Baýden 2024-nji ýyldaky Ak Tam ugrundaky ýaryşda galyp-galmajakdygyny tizden-tiz kesgitlemeli” diýdi. Şol bir wagtda, ol Baýdeniň dalaş etmegini isleýändigini çürt-kesik belli etmedi.

Hollywood ýyldyzy we Demokrat Kluneý 10-njy iýulda The New York Times neşirinde çap eden pikirinde Baýdene bolan goldawy aýyrdy we onuň 2020-nji ýyldakydan häzir tapawutly bir adamdygyny öňe sürdi. Kluneý geçen aý Baýdene maliýe goldawyny çekmek boýunça çärelere hem gatnaşypdy.

Senatdaky köplügiň lideri Çak Şumer (Chuck Schumer) ikiçäk söhbetdeşliklerde Baýdenden başga Demokrat bir dalaşgäri görmek isleýändigini ýaňzytdy.

81 ýaşly Baýden 27-nji iýunda 78 ýaşly Respublikançy Donald Tramp bilen geçiren debatlaryndan soň, Demokrat kanunçykaryjylar we beýlekiler tarapyndan 5-nji noýabrdaky saýlawlarda ýeňlişe duçar bolup biljekdigi baradaky orta atylýan howatyrlanmalary köşeşdirmäge synanyşýar.

XS
SM
MD
LG