ABŞ-nyň iş möhleti tamamlanýan prezidenti Jo Baýden daşary syýasatyň netijeleri barada çykyş etdi. Onuň çykyşy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň YouTube kanaly arkaly alnyp görkezildi.
Baýden, hususan-da, ABŞ-nyň häzirki administrasiýasynyň ýurduň goranmak we diplomatiýa babatdaky pozisiýasyny güýçlendirendigini, ýadro güýçleriniň arasyndaky uruşdan sowlandygyny aýtdy.
"Meniň öňümde iki wezipe bardy: dünýäni Ukrainany goramak üçin birleşdirmek we ýadro güýçleriniň arasyndaky uruşdan gaça durmak. Biz bu iki wezipäniň ikisiniň hem hötdesinden geldik” diýip, Ak tamyň başlygy aýtdy.
Baýden, esasy gazanan üstünlikleriniň arasynda, NATO-nyň giňeldilmegini we güýçlendirilmegini, Ukraina berlen goldawy belledi.
"Putin Ukraina çozanda, Kiýewi basyp almak üçin birnäçe gün gerek bolar öýtdi. Hakykatda, uruş başlanaly bäri ol ikimizden Kiýewe ol däl-de, diňe men bardym" diýip, Baýden nygtady. "Men amerikan goşunlary tarapyndan gözegçilik edilmeýän harby sebite baryp gören ýeke-täk baş serkerde" diýip, Baýden sözüniň üstüni ýetirdi.
Baýdeniň sözlerine görä, ABŞ we onuň ýaranlary Kiýewe kömek bermegi dowam etdirmeli.
"Biz ýene köp iş etmeli. Biz çekilip bilmeris. Munuň üçin biz diňe bir Ýewropada däl, eýsem Aziýada hem ilkinji gezek 50 ýurdy birleşdirdik" diýip, ol aýtdy.
Jo Baýden Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky administrasiýanyň Ukrainadaky urşy togtatmak mümkinçiliginiň bardygyny belläp, "Biz indiki administrasiýanyň ukrainleriň geljegini üpjün etmekleri üçin esas döretdik" diýdi.
Baýdeniň sözlerine görä, ol indiki administrasiýany güýçli ýagdaýda goýýar. "Amerika öňküsinden güýçli boldy, ýaranlyklarymyz has pugtalandy, garşydaşlarymyz we bäsdeşlerimiz has gowşady. Özem biz bu netijeleri gazanmak üçin uruşmadyk" diýip, Jo Baýden aýtdy.
ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp bu çykyşdan birnäçe sagat soň beren telewizion interwýusynda gidýän prezidentiň daşary syýasatyna başgaça baha berip, "Bu aýylganç dört ýyl boldy" diýdi.