Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden prezidentliginiň soňky aýlarynda Ukrainany, demokratiýany goramak wadasyny berdi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 24-nji iýulda halka ýüzlenip, göni efirde çykyş etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 24-nji iýulda halka ýüzlenip, göni efirde çykyş etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden gaýtadan saýlanmak üçin bäsleşige çykmagy goýbolsun edeli bäri ilkinji gezek aç-açan çykyş edip, prezidentliginiň soňky aýlarynda ýurt içinde we Ukraina ýaly ýaran ýurtlarda demokratiýany goramagy wada berdi.

Baýden 24-nji iýulda halka ýüzlenip eden çykyşynda 5-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşmekden çekilmek barada gelen kararyny düşündirip, şahsy isleg-arzuwlary bir gyra goýmak we täze nesliň öňe geçmegine ýol bermek wagtynyň gelendigini aýtdy.

Baýden respublikan bäsdeşi Donald Tramp bilen bäsleşmegiň ýerine, wise-prezident Kamala Harrisiň Demokratik partiýanyň dalaşgäri bolmagyny goldady. 81 ýaşly prezident özüniň "Amerikanyň güýçli we howpsuz bolup galmagyny hem-de azat dünýäniň lideri bolmagyny üpjün etmek ugrundaky işini dowam etdirjekdigini" aýtdy.

"Biz [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň Ukrainany basyp almagyna we has köp zyýan ýetirmegine ýol bermezlik üçin buýsançly ýurtlaryň koalisiýasyny jemlemegi dowam etdireris. Biz NATO-ny has güýçli edip saklarys, men ony has kuwwatly we biziň bütin tarymyzdaky islendik wagtda bolşundan has agzybir ederin" diýip, ol halka eden 10 minutlyk göni efir ýüzlenmesinde aýtdy.

Tramp özüniň on ýyla golaý dowam eden syýasy karýerasynyň dowamynda Putin, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban ýaly awtoritar liderleri öwdi.

Tramp wagtal-wagtal ABŞ-ny basybalyjy rus goşunlaryna gaýtawul berýän Ukraina berýän kömegi üçin açyk tankyt etdi, onuň wise-prezidentlige kandidaty, senator J.D.Wans bolsa, respublikanlaryň ABŞ-nyň Kiýewe berýän milliardlarça dollarlyk harby we maliýe kömeginiň öňüni baglamak tagallalaryna kömek etdi.

Tramp 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli prezident bolup işlän döwründe Ýokary Kazyýeti syýasy spektriň sag tarapyna öwrüp, 2020-nji ýyldaky saýlawlaryň netijelerini ýatyrmaga synanyşdy we, tankytçylarynyň pikiriçe, NATO-nyň agzybirligini gowşatdy.

Geçen aý Şweýsariýada halkara derejesinde geçirilen Ukraina parahatçylyk sammitine gatnaşan Baýden we Harris Ukrainanyň we NATO-nyň bu ýurda kömek bermekde oýnaýan rolunyň berk goldawçylary bolup durýarlar.

Wezipe möhleti resmi taýdan 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda gutarýan Baýden Birleşen Ştatlaryň öwrüm pellesine gelendigini we, "Amerikanyň ruhy humara goýlan pursadynda", 59 ýaşly Harrisiň saýlawa gatnaşmak üçin iň amatly ýerde durandygyny aýtdy.

Baýden elli ýyldan gowrak wagtyň içinde öz partiýasynyň dalaşgärliginden ýüz öwren ilkinji iş başyndaky ABŞ prezidenti bolandygyny, ikinji dört ýyllyk möhletine mynasyp boljakdygyna ynanýan hem bolsa, özüne Demokratlary birleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

"Şeýlelikde, öňe gitmegiň iň gowy ýoly otly kesindini täze nesle geçirmek diýen karara geldim. Bu biziň halkymyzy birleşdirmegiň iň gowy usuly" diýip, prezident aýtdy.

"Men jemgyýetçilik durmuşynda köp ýyllyk tejribe üçin wagtyň-da, ornuň hem bardygyny bilýärin, ýöne bu ýerde täze sesleriň, ter sesleriň, hawa, ýaş sesleriň hem wagty we ýeri bar, şol wagt we ýer edil häzirki pursat" diýip, Baýden aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG