Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden prezidentliginiň soňky aýlarynda demokratiýany, Ukrainany goramagy söz berýär


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden prezidentlik ýaryşyndan çykýandygyny yglan edeninden bäri eden ilkinji çykyşynda, prezidentlik möhletiniň galan soňky aýlarynda öz ýurdunda, şeýle-de Ukraina ýaly ýaranlarynda demokratiýany goramak ugrunda tagalla etjekdigine söz berdi.

Baýden 24-nji iýuldaky 10 minut töweregi dowam eden halka ýüzlenmesinde, 5-nji noýabrdaky prezidentlik saýlawlaryndan çekilmek kararyny, öz şahsy ambisiýalaryny gyrada goýup, täze nesle mümkinçilik bermek üçin wagtyň gelendigi bilen düşündirdi.

Respublikançy dalaşgär Donald Trampa garşy dalaş etmegiň deregine, 81 ýaşly Baýden Demokratik partiýadan kandidat hökmünde wise-prezident Kamala Harrisi goldady.

Baýden özüniň “Amerikanyň kuwwatly we howpsuz, şeýle-de azat dünýäniň lideri hökmünde galmagy ugrunda” tagalla etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG