ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden COVID-19 wirusyna ýolugdy diýip, Ak Tam 17-nji iýulda habar berdi. Bu baradaky beýanat Baýdeniň Las Wegasda göz öňünde tutulan çykyşynyň öň ýanynda edildi.
Ak Tam Baýdeniň aram simptomlary başdan geçirýändigini aýtdy. Ol Delawaredäki öýüne dolanyp, ol ýerde izolirlener.
Beýanatda prezidentiň lukmanynyň sözleri hem getirilip, oňa görä, Baýden 17-nji iýulda irden üsgülewük, umumy ysgynsyzlyk ýaly simptomlary başdan geçirip başlapdyr. Onda Baýdeniň beden gyzgynynyň galmandygy, şeýle-de onuň waksinanyň birinji sanjymyny alandygy bellenilýär.
Baýden Las Wegasa saýlaw kampaniýasynyň çäginde barypdy.