24-nji sentýabrda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina çozmagy bilen “özüniň esasy maksadyna ýetip bilmändigini” aýtdy, şeýle-de maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Kiýewi goldamagy dowam etdirmäge çagyrdy.
“Putin Ukrainany weýran etjek boldy, ýöne Ukraina entegem azat” diýip, Baýden Nýu-Ýorkda geçen duşuşykda belledi.
“Dünýä saýlamaly, ýa Ukrainany goldamagy dowam etdirmeli ýa-da bu agressiýadan sowa geçmeli. Meniň jogabym biziň Ukraina hemaýatymyz egsilmez” diýip, Baýden belledi.