Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden 18-nji oktýabrda Germaniýa sapar eder – çeşmeler


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (arhiw suraty)
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden şu anna güni, ýagny 18-nji oktýabrda Germaniýa sapar eder. Bu barada german hökümetiniň resmileri 13-nji oktýabrda Reuters gullugyna aýtdylar. Baýdeniň geçen hepde Germaniýa planlaşdyrylan sapary, Milton tupanynyň Birleşen Ştatlara aralaşmagy sebäpli, ýatyrylypdy.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Baýdeniň Germaniýa gelmegi resmi döwlet saparynyň häsiýetlerine eýe bolman, bilelikdäki alnyp barylýan işleriň progresine syn etmek bilen çäklener.

Habarda saparyň dowamyndaky gepleşikleriň barşynda Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky uruşlaryň hem maslahat ediljekdigi bellenilýär.

Baýdeniň ozal planlaşdyran saparynyň ýatyrylmagy bilen, Ukrainanyň esasy ýarag goldawçylarynyň Ramşteýn atlandyrylýan toparynyň Germaniýada geçmeli maslahaty hem goýbolsun edilipdi. Onuň dowamynda Kiýew üçin goşmaça hemaýatyň gürrüň ediljekdigi aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG