Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň döwlet dükanlarynda un ýok, buhanka hepdede bir gezek satylýar


Çörek nobaty. Türkmenistan (arhiw suraty)
Çörek nobaty. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda bugdaý hasyly ýygnalyp, planyň dolmagynyň yglan edilmeginden bir aý çemesi wagt geçdi, emma döwlet dükanlarynda ýurtda öndürlen un peýda bolmady. Welaýat ýaşaýjylary öz azyk üpjünçiliginiň esasyny düzýän un, çöreksiz kösenýändigini aýdýarlar. Balkanyň dükanlarynyň käbirinde çörek hem hepdede diňe bir gezek satylýar.

Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň döwlet dükanlarynda her gün uly nobatlar döräp başlady. Azatlygyň ýerli habarçylary alyjylaryň un ýa-da arzan buhanka çöregi satylarmyka diýen umyt bilen barýandygyny habar berýärler.

"Düýn Türkmenbaşynyň 2-nji we 1-nji dükanlarynyň öňünde buhanka çöregine garaşýan adamlary görüp, mundan birnäçe aý öňki un-çörek nobatlary ýadyma düşdi. Unuň we çöregiň döwlet bahasy gymmatlan bolsa-da, hususy dükanlardan arzan bolýar" diýip, Balkandaky habarçymyz aýtdy.

Käbir ýerli döwlet dükanlarynda buhanka çöregi hepdede bir sapar satuwa çäkli mukdarda çykarylýar. Un bolsa, soňky iki aýa golaý wagt bäri tekjelerde asla peýda bolmaýar.

Mundan öň ýerli döwlet dükanlarynda çörek her iki günden bir gezek satylýardy.

"Her iki günden çörek gelerdi, içi kepekli, reňki gara bolsa-da iýerdik. Indi ol hem ýok" diýip, çörek nobatynda duran alyjylaryň biri aýdýar.

Habarçynyň sözlerine görä, şu günler satylýan buhankalaryň reňki garamtyl. Döwlet dükanlarynyň işgärleri satylýan buhanka çöreginiň ýurtda öndürlen 2-nji sort undan bişirilýändigini aýdýarlar.

Şol unuň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 50 kilogramlyk haltasy 180-220 manat aralygynda bahalanýar, şol bir un hususy dükanlarda 450 manatdan satylýar. Has ýokary hilli unuň bahasy 600 manada düşýär.

Un gytçylygy çöregiň hususy söwda nokatlaryndaky bahasyna hem täsir ýetirdi. 200 gramlyk ak çörek 10 manatdan satylýar. Balkanabadyň we Aşgabadyň hususy çörek öndüriji firmalarynyň 400 gramlyk buhankasy 14 manatdan satylýar.

"Bu ilat köpçüligi üçin, şol sanda býujet işgärleri üçin örän gymmat bolýar. Döwlet dükanlarynda 2,5 manatdan çörek satylanda bize amatly bolýar, emma ol hem hepdede bir sapar satylyp, diňe 4 çörekden berilýär, bu ýagdaý şäheriň pes gatlagyna agyr düşýär" diýip, balkanabatly zenan aýdýar.

Köp çagaly enäniň sözlerine görä, bazardan hersini 10 manatdan çörek satyn aljak bolsaň günde 7 sany çörek gerek bolýar, diňe bir günde çörek üçin çykdajy 70 manada ýetýär, bir aýda 2000 mandatdan geçýär we ýurtdaky ortaça aýlyga barabar. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 2000 manat - 570 dollardan geçýär-red.)

Türkmenistanyň hökümeti soňky ýylda döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan esasy azyk önümlerini satmak tejribesini kem-kemden ýatyrdy. Şol bir wagtda-da, ýurt resmileri 2017-nji ýylyň aýagyndan başlanyp, şu çaka çenli dowam edýän çörek-un ýetmezçiliginiň sebäbini henize çenli düşündirmedi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurt boýunça bugdaý plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini 12-nji iýulda yglan etdi. Resmi maglumatlarda aýdylmagyna görä, şu ýyl Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna galla hasyly ýygnalyp alynypdyr. Ýurt resmileri şol bir ýyllyk sany onlarça ýyl bäri yglan edip gelýär.

Alyjylar çöregiň ýetmezçiliginden we hilinden nägile bolýarka, çörek bişirýän kärhanalarynyň işgärleri çöregiň öndüriliş şertlerine alada bildirýärler. Kärendeçiler bolsa, ýygylan bugdaýyň saklanyş şertleriniň hem talaba laýyk däldigine ünsi çekýärler.

Geçen aýda Mary welaýatynda ýerleşýän däne ammarlarynyň, elewatorlaryň işgärleri däne ammarlaryna eltilen bugdaýyň güne serilmän, guradylman ýygnalýandygyny aýdyp, gallanyň talabalaýyk saklanylmazlygynyň un zawodlarynda öndürilýän ýerli unuň hiline ýaramaz täsir ýetirýändigini belläpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG