Balkanda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Resmi media bu işler we onuň sebäpleri barada habar bermeýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary bu çäreleriň prezidentiň kakasy, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinden Awaza tarapda, Çeleken ýod zawodynyň töwereklerinde uly abadançylyk işleri geçirilýär. Bu işler Balkanabat şäherinde hem alnyp barylýar” diýip, habarçymyz 18-nji ýanwarda aýtdy.
Habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, bu taýýarlyklar uly Berdimuhamedowyň 25-26-njy ýanwarda welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly.
“Onuň bu saparynyň dowamynda Çelekeniň ýod zawodunyň täze bölümini işe girizmegine, Balkanabatdaky welaýat baş metjidinde sadaka bermegine, Garabogazda käbir gurluşyk meýdanlarynyň işi bilen tanyşmagyna garaşylýar. Onuň bularyň käbirine dik uçardan syn etjekdigi aýdylýar” diýip, balkanly býujet işgäri edara ýolbaşçylaryna salgylanyp aýtdy.
Häkimiýetler we resmi metbugat ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara etjek saparlary barada öňünden habar bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Halk Maslahatynyň başlygy 12-nji ýanwarda Mary welaýatyna sapar etdi. Resmi taýdan öňünden yglan edilmedik bu sapar hem-de oňa görülýän taýýarlyklar barada-da, habarçylarymyz bir gün öňünden maglumat beripdiler.
Bu aralykda, habarçylarymyz Hazar şäherinde gurulýan täze metjidiň açylyş dabarasynyň Halk Maslahatynyň sebite sapary döwründe bolmagyna garaşylýandygyny hem habar berýärler.
Häkimiýetler metjitde gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirip, bu işleriň soňky tapgyry üçin telekeçilerden we býujet işgärlerinden ýene pul ýygnadylar.
“Ýerli telekeçileriň her birinden 1 müň manat we býujet işgärlerinden 20 manat ýygnadylar. Pul ýygnamak çäresi 16-njy ýanwarda doly tamamlandy. Bu pula, metjidiň daşky fasadyny bejermek, ýanaşyk ýerlerine gazon otlaryny ekmek, döwrebap yşyklandyryjylary satyn almak göz öňünde tutulýar” diýip, býujet işgäri anonim şertde aýtdy.
Býujet işgärleriniň ençemesi täze metjide “Serdar hajy” adynyň dakylmagyna garaşylýandygy barada hem maglumatlaryň bardygyny aýdýarlar.
“Metjidiň gapysyna altyn harplar bilen arap we türkmen dilinde ýazylan ‘Serdar hajy’ adynyň dakylmagyna taýýarlyk görülýär” diýip, býujet işgäri belledi.
Bu ýagdaýlar barada ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde hiç zat aýdylmaýar. Azatlygyň bu barada ýerli häkimiýetlerden kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Türkmen hökümeti Hazar şäherinde, şeýle-de ýurduň beýleki welaýatlarynda jemi bäş metjidi gurmak planlaryny Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlige girişmeginden tas iki aý soň, 2022-nji ýylyň maý aýynyň başynda yglan edipdi.
Şonda häkimiýetler sebit ýaşaýjylaryndan gelen islegleriň nazara alnyp, metjitleriň gurulýandygyny aýtdylar. Ýöne resmi habarda guruljak metjitleriň mümkin bolan bahasy, maliýeleşdirmek meselesi we gurluşygynyň haçan tamamlanjakdygy barada hiç zat aýdylmady.
Azatlygyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky habarçylary bu metjitleriň gurluşygy üçin býujet işgärlerinden we telekeçilerden “mejbury-meýletin haýyr-sahawat” pullarynyň ýygnalýandygy barada ençeme gezek maglumat berdiler.
Balkanly býujet işgärleri Hazardaky täze metjidiň gurluşygy üçin geçen ýylyň awgustynda 200 manat, 2022-nji ýylyň maýynda 50-100 manat aralygynda pul tabşyrmaga mejbur bolupdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum