Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Ukraina ynsanperwer kömegi üçin 1 million dollar bölüp berer


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Ukraina ynsanperwer kömegini bermek üçin bir million dollar bermek baradaky buýruga gol çekdi. Bu barada döwlet baştutanynyň web sahypasynda habar berildi.

Bu serişdeler Azerbaýjanyň Energetika ministrligine beriler we ol Ukraina ibermek üçin elektrik enjamlaryny satyn alar.

Azerbaýjanyň prezidentiniň buýrugy bilen Bakuw bilen Kiýewiň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk we hyzmatdaşlyk esasynda ösýändigi bellenilýär.

Resminamada "Ukrainadaky häzirki ýagdaý bilen baglanyşykly Azerbaýjan döwleti ukrain halkyna birnäçe gezek ynsanperwer kömegini iberdi" diýilýär.

2023-nji ýylda Azerbaýjan ynsanperwer kömegi hökmünde Ukraina 7,6 million dollarlyk elektrik enjamlaryny ugratdy.

Russiýanyň Ukrainada doly derejeli harby hereketi başlandan soň, Aliýew Bakuwyň Ukrainanyň territorial bitewiligini goldaýandygyny aýtdy. "Biz beýleki ýurtlar ýaly Ukrainanyň territorial bitewiligini goldaýarys we muny aç-açan yglan edýäris, agajyň aňyrsynda gizlenmeýäris" diýip, Alyýew aýtdy.

XS
SM
MD
LG