Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan serhetdäki “prowokasiýalar” üçin Ermenistana garşy harby çäre bilen haýbat atýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

25-nji iýulda Azerbaýjan Ermenistanyň iki ýurduň arasyndaky serhetdäki “prowokasiýalary” diýip atlandyran hereketlerine jogap hökmünde, oňa garşy doly gerimli urşy başlap biljekdigi bilen haýbat atdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ýakynda Ermenistanyň harbylarynyň sebitde “agyr ýaraglary” we aňtaw dronlaryny ulanandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de ministrlik Ermenistany we onuň goldawçylaryny Günorta Kawkaz sebitinde “täze uruş merkezini döretmekden saklanmaga” çagyrdy.

“Eger-de şular ýaly prowokasiýalar bes edilmese, bulary saklamak üçin, öz-özüni goramak maksady bilen, Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň hataryndaky ähli serişdeler ulanylar” diýip, beýanatda bellenilýär.

Mundan başga-da, ministrlik Günbatar güýçleriniň Ermenistan bilen ýygjamlaşdyran harby hyzmatdaşlygyny tankytlady. Muňa mysal hökmünde şu aý Birleşen Ştatlar bilen Ermenistanyň arasynda geçirilen harby türgenleşikler, Fransiýa bilen baglaşylan ýarag ylalaşyklary we Ýewropa Bileleşiginiň Ýerewan üçin bölüp beren 10 million ýewrolyk harby hemaýaty getirildi.

XS
SM
MD
LG