Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň maglumatyndan soň, Türkmenabatda zibil çelekleri täzelendi, ýöne problema saklanýar


Aşgabadyň etrapçalarynyň birindäki zibil çelekleri (Arhiw suraty)
Aşgabadyň etrapçalarynyň birindäki zibil çelekleri (Arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň käbir etrapçalarynda zir-zibil çelekleri täzelendi. Bu waka, şäheriň käbir etrapçalarynda zibil çelekleriniň könelip deşilendigi we olaryň kadaly arassalanmaýandygy barada Azatlyk Radiosynyň çap eden maglumatyndan iki hepde soňa gabat geldi.

Ýöne ýaşaýjylar problemanyň dowam edýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlygyň habarçysy 18-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Azatlygyň beren habaryndan soň, zaýalanan we deşilen zibil çelekleri täzeläp başladylar. Çelekler öňküsine görä ganymat, deşik däl we hek bilen ak reňke boýalan” diýip, şäheriň 3-nji kwartalynyň ýaşaýjysy anonim şertde aýtdy.

5-nji iýulda şäheriň birnäçe etrapçasynyň ýaşaýjylary zibil çelekleriniň dolup-daşyp, daş-töwerege ýiti ýakymsyz ysyň ýaýraýandygyny gürrüň beripdiler. Olar muňa çelekleriň wagtynda arassalanmazlygy bilen bir hatarda, olaryň eýýäm düýpli täzelenmäge mätäçliginiň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

Şonda habarçymyz bökdençliklere şäheriň 374-nji we 3-nji kwartallarynda, hususan-da, 26-njy, 27-nji, 28-nji, 32-nji, 33-nji we 39-njy köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän sebitinde duş gelse bolýandygyny belläpdi.

Çelekleri täzelemek işleri ýokarda agzalan sebitler bilen bir hatarda, şäheriň 2-nji etrapçasynda hem amal edilse-de, ýaşaýjylar problemanyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Olar muňa bäşden artyk köp gatly ýaşaýyş jaýy üçin bary-ýogy bir sany zibil çeleginiň goýulmagynyň sebäp bolýandygyny belleýärler. Öň bu jaýlar üçin iki-üç çelek göz öňünde tutulýardy.

“Çelek bir sany bolanlygy sebäpli, ilatyň zerurlygyny ödäp bilmeýär. Üstesine-de, çelekler tiz-tizden arassalanmaýar. Bu bolsa, zibil çelekleriniň dolup-daşmagy we onuň daş-töwereginde hapalaryň çaşyp ýatmagy we ýakymsyz ysyň bütin etrapça ýaýramagy bilen bagly problemanyň saklanyp galmagyna getirdi” diýip, 2-nji etrapçanyň bir ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda ýaşaýjylar meseläniň düýpli çözülmegi üçin Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna we Jemagat hojalygy müdirliginiň ýerli edaralaryna ýüzlenmegini dowam etdirýärler.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýokarda ady agzalan gullukdan we edaradan, şeýle-de Türkmenabadyň häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda zibil çelekleriniň kadaly arassalanmazlygy wagtal-wagtal ýiti problema öwrülýär. Ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda zibilleriň wagtynda arassalanmaýandygy, şeýle-de çelekleriň ýetmezçilik edýändigi we munuň ýaşaýjylara döredýän oňaýsyzlyklary barada Azatlyk soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat taýýarlady.

Türkmen häkimiýetleriniň geçirýän hökümet maslahatlarynda ýurduň arassaçylyk we abadançylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamak meselesi ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şeýle-de, bularda ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurtda tebigaty we ekologiýany goramak meselesine ägirt uly üns berilýändigi tekrarlanýar.

Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi, şol sanda ýerli synçylar ýurt resmileriniň tebigaty we ilatyň saglygyny goramak üçin iň zerur meseleleriň biri hasaplanýan zibil çeleklerini arassalamk meselesini ünsden düşürýändiklerini aýdýarlar.

Ýurt häkimiýetleri we media serişdeleri zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmazlygy bilen bagly ýyllarboýy dowam edip gelýän ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG